Pandemiýa bilen bagly ykdysady durnuksyzlykdan soň, Orsýetiň Ukrainany basyp almak hüjümi başlandy. Ýaşaýyş üçin çykdajylaryň gün-günden artýan krizisi bütin dünýäde nägilelik döretdi. Mydama bolup gelýän sil joşguny, açlyk, Mihail Gorbaçýowyň ölümi, töwerekdäki howanyň krizisi, ynsan hukuklary, Eýranyň aýallary – bular başagaýlykda geçen 2022-nji ýylyň ýatdan çykmajak pursatlarydyr.
2022-nji ýylyň ýatdan çykmajak suratlary
1
Buça şäheriniň ýaşaýjysy Wladislawa Lýubaretz (ortada) rus çozuşlarynyň başlanaly bäri görmedik uýasy bilen duşuşmak üçin, maşgalasy bilen ýok edilen rus harby enjamlarynyň arasyndan geçip barýar. Ukraina, 2022-nji ýylyň 6-njy apreli. Rus goşuny bu ýerlerden yza çekilenden soň, Buçada we Kiýew sebitiniň beýleki ýerlerinde, ýüzlerçe gynalan we öldürilen adam jesetleri aýan edildi. Rus goşunlary 24-nji fewralda Ukraina girdiler. Bu bolsa ýurdy urşa sezewar etdi hem weýrançylyk getirdi. Günbatar ýurtlary bolsa Russiýa garşy birnäçe berk ykdysady sanksiýalary girizdi. (EPA-EFE/ROMAN PILIPEÝ)
2
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Moskwada aradan çykan ozalky SSSR-iň prezidenti Mihail Gorbaçowyň tabydynyň başynda. (AP/Russian Pool)
3
Almaty şäher häkimlik binasy ýagnynyň astynda, Gazagystanda gazyň we energiýanyň bahasynyň ýokarlanmagyna gaharlanan märeke häkimligiň jaýyny oda berdi. 2022-nji ýylyň 5-nji ýanwary. Ýüzlerçe adam pidasyna sebäp bolan zorlukly protestler hepdeläp dowam edensoň togtadyldy. (TASS/Waleriý Şarifulin)
4
Işsiz galyp, bergä batan Nooruddine her nähili-de bolsa, çagalaryny eklemek üçin, böwregini satmakdan başga ýoly galmandyr. Maşgalasyny halas etmek üçin, organy gurban etmäge taýyn owganlylaryň sany gün-günden artýar. (AFP/Wakil Kohsar)