Türkmen görnüşleri - 40-njy hepde
Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
1
Aşgabat. Köçe süpürýän aýal. Paýtagtyň jemagat hojalygy edarasy işgärlerini döwrebap süpürgiçler bilen üpjün edip bilmeýär, olar elde ýasalan sübseleri ulanýar.
2
Aşgabat. Okuwçy gyzlar. Türkmenistanda häkimiýetler geýim-eşikleri dürli-dürli däl, birmeňzeş bolmagyny talap edýärler.
3
Aşgabat. Gyşa taýýarlyk üçin gök önüm satyn alýan şäherliler.
4
Aşgabat. Ýowara çykan ýaşlar pyýda ýollaryny tämizleýärler. Soňky onýyllyklarda şäherde ýowar kän geçirilýär, oňa gatnaşmak köplenç meýletin-mejbury edilýär diýip, Azatlygyň habarçylary aýdýar.