Azatlyk Radiosy 2020-nji ýylda Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçen käbir möhüm wakalar bilen ilteşikli suratlary jemledi.
Türkmen görnüşleri: Ýylyň Jemleri
5
Türkiýede ýasama arakdan zäherlenip heläk bolan türkmen raýatlarynyň gubury. Mart aýynyň ikinji ýarymynda Stambulda koronawirusdan goranmak üçin ýasama arak içip, 50-den gowrak türkmenistanly zäherlenip öldi. Türkmenistan heläk bolan raýatlarynyň jesetlerine eýe çykmady.
6
Türkmen häkimiýetleriniň ilatynyň meselelerni gözden düşürmegine garşy Kiprdäki türkmenler maýda protest geçirdiler.
7
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde türkmenler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýetden çekilmegini talap edip demonstrasiýa geçirýärler.
8
"Türkmen çilim". Türkmenistanda temmäki önümleriniň gytalmagy we gymmatlamagy bilen birlikde, öý şertlerinde ýasalan, has arzan bahadan satylýan çilimler peýda bolup başlady.