Koronawirus infeksiýasynyň pandemiýasy, Ukrainanyň halkara ýolagçy uçarynyň Tähranyň golaýynda atylmagy, Beýrut portundaky partlama, Belarusda köpçülikleýin nägilelik protestleri, Daglyk-Garabagda söweşleriň täzeden başlanmagy, Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegi – bular 2020-nji ýyly alamatlandyrýan esasy wakalaryň birnäçesi. Bu barada – surat galereýasy.
2020-nji ýyl suratlarda: Geçip barýan ýylyň esasy wakalary
17
Güýçli ýagyşdan soň, Karaçide dörän suw joşguny, Pakistan, 2020-nji ýylyň 26-njy iýuly
18
2020-nji ýylyň 4-nji awgustynda Liwanyň Beýrut şäherindäki portda bolan güýçli partlamadan soň, 11 ýaşly Hoda Kinnony daýysy Mustafa halas etdi. Siriýanyň Halap sebitiniň ýaşaýjysy Kinnonyň maşgalasyna ol partlamadan agyr zyýan ýetdi, Hodanyň boýny döwüldi we başga-da ençeme ýara aldy, onuň 15 ýaşly gyz dogany Sedra ýogaldy.
19
Demonstrantçylar hem Belarusyň howpsuzlyk güýçleri Belarusda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň, saýlaw uçastoklary ýapylanda, Minskide geçirilen demonstrasiýa wagtynda, 2020-nji ýylyň 9-njy awgusty
20
Omsk şäheriniň medisina işgärleri Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny Germaniýa ewakuasiýa edilmezden ozal nosilkada göterip, aeroporta barýan tiz kömek ulagyna alýarlar. 2020-nji ýylyň 22-nji awgusty