Koronawirus infeksiýasynyň pandemiýasy, Ukrainanyň halkara ýolagçy uçarynyň Tähranyň golaýynda atylmagy, Beýrut portundaky partlama, Belarusda köpçülikleýin nägilelik protestleri, Daglyk-Garabagda söweşleriň täzeden başlanmagy, Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegi – bular 2020-nji ýyly alamatlandyrýan esasy wakalaryň birnäçesi. Bu barada – surat galereýasy.
2020-nji ýyl suratlarda: Geçip barýan ýylyň esasy wakalary
5
Hytaýyň merkezi Hubeý welaýatynyň Wuhan şäherinde COVID-19 wirusyndan ejir çekýän hassalary bejermek üçin, guruljak hassahananyň gurluşyk meýdançasyndaky ekskawatorlar, 2020-nji ýylyň 24-nji ýanwary
6
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Brýusseldäki Gran-Plas köşgünde geçirilen Belgiýa-Angliýa dostluk çäresinde bir aýal jübi telefony bilen Angliýanyň baýdagyny surata düşürýär. Angliýa 31-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginden çykdy.
7
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp USA Today gazetini synlaýar. Gazetiniň baş sahypasyny ABŞ-yň Senatynyň impiçment işinde prezidenti aklandygyny öňe sürýän habar bar. 2020-nji ýylyň 6-njy fewraly
8
Hytaýyň Wuhan şäherinde başlanan COVID-19 wirusyndan soň ýüzi maskaly we kellesine plastik halta geýen ýolagçy Şanhaý demirýol menziliniň çäginden çykyp barýar, 2020-nji ýylyň 9-njy fewraly. Bütindünýä Saglyk Guramasy 30-njy ýanwarda COVID-19 sebäpli global adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Bütin dünýäde bu wirusa ýoluganlaryň sanynyň birden artmagyndan soň, BSG 11-nji martda koronawirus epidemiýasyny pandemiýa diýip atlandyrdy.