1920-nji ýyldan başlap, 1980-nji ýylyň ahyrlaryna çenli Sowet Soýuzynda alkogolly içgileri az içmek barada yzygiderli kampaniýa ýöredildi. Ýöne ol netije bermedi.
"Ýeke damja-da bolmaz!" Sowetler döwrüniň arakhorluga garşy plakatlary
9
”Işçileriň toparyndan içýänleri çykarýas”. 1966-njy ýylda çykan plakatda sowet şahyry Wladimir Maýakowskiniň goşgusyndan mysal alnypdyr. Serhoşuň çep elinde zaýa önüm, sag elinde bolsa bir çüýşe arak.
10
1972-nji ýylyň plakatyndaky sada ýazgy: “Giç bolmanka – saklan!”
11
”Köpçülikleýin oturylyşyklaryň öňüni almaga wagt ýetdi!” 1972-nji ýylyň alkogolizme garşy kampaniýasy güýçli alkogolly içgileriň öndürilişini azaltmak çärelerine gabat geldi, şol wagtyň özünde alkogolsyz hem-de pes alkogolly içgiler – çakyr bilen piwonyň öndürilişini artdyrmak göz öňünde tutuldy. 1970-njy ýyllaryň ahyrynda Sowetler ýurdunda alkogolly içgileri içmek iň ýokary derejesine ýetipdi.
12
”Masgara jübüt - bikär hem arak!” Bu plakat 1982-nji ýylda Ukrainada çap edildi.