Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 35-nji hepde
1
Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministrligine degişli edaranyň işgäri köçäni süpürýär. Köçe süpürijiler tomsuň jokrama yssysynda günden goranmak üçin tutuş ýüzüni diýen ýaly örtýän ak ýaglyk daňynýarlar.
2
Aşgabatda saýawanly köçeden ýöräp barýan zenan
3
Paýtagtyň bazarlarynyň birinde satylýan türkmen çöregi
4
Aşgabatda awtobus duralgasynyň golaýyndan geçip barýan çagalar