Donald Tramp prezidentlik saýlawy mahalynda, musulman bosgunlaryň ABŞ-a gelmegini doly gadagan etmek barasynda söz beripdi.
Tramp musulman bosgunlary "saýhallaman" ýurda goýbermegiň terrorçylykly howplara sebäp bolup biljegini öňe sürýär.
Prezident saýlawlardan soň şeýle gadagançylygy doly ýola goýup bilmedik bolsa-da, bar bolan bosgunlyk we migrasiýa maksatnamalarynyň ýatyrylmagy, wiza şertleriniň kynlaşdyrylmagy we käbir musulman ýurtlardan bogsun kabul etmezligi, ony şol maksadyna ýetirene meňzeýär.
Soňky bir ýylyň dowamynda ABŞ-a ýüz tutýan musulmanlaryň sany juda azalypdyr.
2016-njy ýylda ABŞ 45 müň musulman bosguny kabul eden bolsa, bu san geçen ýylyň 1-nji dekabryna çenli diňe 11 müň bolupdyr.
Bu 11 müň bosgunyň ýarysynyň kabul edilmegi hem ýanwar-fewral aýlaryna gabat gelýär, ýagny bu Trampyň wezipä ýaňy başlan döwürleridir.
Geçen 2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan noýabr aýyna çenli ABŞ-a baran musulman bosgunlaryň sany bolsa owalkylara görä 94 göterim azalypdyr.